TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANLYLARY GADYR GIJESI BILEN GUTLADY
Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan mübärek Gadyr gijesi mynasybetli gutlady. Hususan-da: «Gönezliginde watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, halallyk, adalatlylyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly ahlak gymmatlyklary berk orun alan gadymy däp-dessurlarymyz hem-de ýol-ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyz külli musulman dünýäsi bilen birlikde, kalplaryň tämizlenýän Oraza aýyna hem-de Beýik Allatagala tarapyndan mukaddes Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine aýratyn hormat goýýar. Bu aýda urp-adatlarymyza laýyklykda, öten-geçenlerimiz ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär, ýurdumyzdaky ähli metjitlerde tarawa namazlary okalyp, eziz Watanymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidine ýagşy doga-dilegler edilýär» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň esasyny düzýän ynsanperwerlik, adalatlylyk, rehimdarlyk däplerimizden ugur alyp, Gadyr gijesiniň hormatyna jenaýat edip, iş kesilenleriň günäsini geçýäris. Munuň özi milli mertebämiz we buýsanjymyz bilen ölçenilýän gymmatlyklarymyzy dabaralandyryp, jemgyýetimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň binýadyny has-da pugtalandyrýar, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrýar.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar