TKM RUS
Dänew etrap alyjylar jemgyýeti
Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň ýokary hasylyny öndürmek tabşyryldy
Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerleriň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany ýurtda 2023-nji ýylda şaly öndürmek hakyndaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda, Lebap welaýatynyň bolsa Darganata, Dänew,‌ ‌Çärjew,‌ Saýat,‌ ‌Halaç,‌ ‌Hojambaz,‌ ‌Kerki,‌ ‌Köýtendag‌ etraplarynda‌, ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
  • 0
  • 0

Sebet

Aýryldy. Yza gaýtar